Nike 25 ýyllyk arakesmeden soň Adidas-yň ornuny eýeläp, UEFA-ny top bilen üpjün eder

Şu gün, 19:02307

Amerikanyň Nike kompaniýasy 2027/28-nji möwsümden başlap, UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň resmi futbol toplaryny üpjün eder. ESPN neşiriniň habar bermegine görä, baglaşylan şertnama dört möwsümi, ýagny 2031-nji ýyla çenli döwri öz içine alýar.

Şunlukda, Nike 2001-nji ýyldan bäri Çempionlar ligasynyň resmi toplaryny üpjün edip gelýän Germaniýanyň Adidas kompaniýasynyň ornuny eýelär.

Täze ylalaşyk Çempionlar ligasyny, Ýewropa ligasyny, Konferensiýa ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny, Ýaşlar ligasyny we Futzal boýunça Çempionlar ligasyny öz içine alar.

The Athletic neşiriniň maglumatlaryndan çen tutsaň, onda Nike bu şertnama boýunça ýylda, takmynan, 45 million dollar tölär.

«Adidas» bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda nemes brendiniň nyşany we özboluşly dizaýny bilen öndürilen resmi futbol toplary Çempionlar ligasynyň iň belli aýratynlyklarynyň birine öwrülipdi.

Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň häzirki çempiony Fransiýanyň «PSŽ» toparydyr. Pariž kluby öňki möwsümiň finalynda Londonyň «Arsenal» toparyny penaltiler tapgyrynda ýeňip, yzly-yzyna ikinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.