Türkiýäniň maşgala we durmuş hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýym Madak Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny nygtady. Bu barada THP habar berýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara zenanlar dialogynyň mejlisinde çykyş edip, ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň umumy taryha, dile we medeniýete esaslanýandygyny belledi.
«Türkiýe — Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurt. Türkiýe we Türkmenistan — özara umumy taryh bilen berk baglaşan iki sany doganlyk ýurtdyr» – diýip, Madak nygtady.
Ol zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de olaryň jemgyýetiň durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyna aýratyn üns berdi. Onuň aýtmagyna görä, Türkiýede bilim, saglygy goraýyş, ykdysadyýet, liderlik we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlary öz içine alýan Strategik resminama we 2024–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy durmuşa geçirilýär.
Mundan başga-da, ýurtda zenanlara gatnaşykda zorluga garşy göreşmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin hereketleriň bäşinji milli meýilnamasy amala aşyrylýar.
Madak häzirkizaman dünýäsinde aýal-gyzlaryň diňe bir çökgünliklerden ejir çekýän şahsyýetler hökmünde däl, eýsem parahatçylygy ýola goýmagyň işjeň gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýändiklerini belledi.