2026-njy ýylyň 1-nji noýabryndan Türkiýede sosial ulgamlar 15 ýaşdan kiçi çagalara hyzmat edip bilmez. 15 ýaşdan 18 ýaşa çenli ulanyjylar üçin bolsa platformalar şahsy maglumatlaryň gizlinligini we howpsuzlygyny has berk goraýan aýratyn düzgünleri girizmeli bolar.
Türkiýäniň Prezidentiniň diwanynyň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk müdirliginiň degişli kadalaşdyryjy resminamasy 10-njy oktýabrda ýurduň resmi hökümet neşiri bolan Resmi Gazete gazetinde çap edildi.
Ulanyjylaryň ýaşy ýörite şahsy kesgitleýji arkaly döwlet elektron hyzmatlary ulgamy — e-Devlet bilen tassyklanylar. 15–18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň hasaplary başlangyç ýagdaýda ýapyk bolar. Olara göni ýaýlym geçirmäge we şahsy isleglerine görä saýlanyp görkezilýän mahabatlary almaga rugsat berilmez. Şeýle hem mazmuny maslahat berýän käbir ulgamlaryň işi çäklendiriler.
Platformalara ulanyjylar barada toplanan maglumatlar esasynda kämillik ýaşyna ýetmediklere beýleki hasaplary maslahat bermek ýa-da olaryň profillerini beýleki ulanyjylara teklip etmek hem gadagan ediler. Sosial ulgamlar çagalaryň hasaplaryny beýleki goşundylardaky telefon belgileriniň sanawy, aragatnaşyk sanawy we ýazylan hasaplarynyň sanawy bilen birleşdirip bilmez. Şeýle çeşmelerden maglumatlary alyp, gaýtadan işlemäge hem rugsat berilmez.
Mundan başga-da, kompaniýalar ene-atalara we hossarlara çagalarynyň hasaplaryna gözegçilik etmek üçin ýörite gurallary hödürlemeli bolar. Olaryň hataryna hasap sazlamalaryna, ulanyş wagtyna, ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlara we tölegli amallara gözegçilik etmek mümkinçilikleri girýär.
Häzirki wagtda ulanylýan hasaplaryň eýeleri üçin hem ýaşy tassyklamak işi göz öňünde tutulýar. Bu iş 2027-nji ýylyň 31-nji martyna çenli tamamlanmalydyr.