Meşhur aktýor Jonni Depp özüniň heýkeltaraşlykdaky ilkinji eseri bolan «Towşan adam» eserini Türkiýede geçirilýän «Contemporary Istanbul» sungat ýarmarkasyna getirer.
Deadline neşiriniň habar bermegine görä, ak bürünçden ýasalan we beýikligi iki metre ýetýän bu heýkel 22–27-nji sentýabr aralygynda taryhy Osman gämi ussahanasynyň («Tersane Istanbul») çäginde açyk asmanyň astynda görkeziler.
Heýkel ýarym adam, ýarym towşan görnüşinde – «hakykat gylyjynyň» sakçysynyň keşbini şekillendirýär. Bu pikiriň döremegine Deppiň ogly Jekiň bäş ýaşlarynda çeken suraty sebäp bolupdyr. Surat aktýora çagaka köp gezek gören düýşüni ýada salypdyr. Soňra şol towşanyň şekili aktýoryň suratlarynda, nakgaşlyk eserlerinde we çap edilen işlerinde hem ýygy-ýygydan peýda bolupdyr.

Depp bu heýkeliň üstünde «Sigg Art Foundation», «Pantheon Art» we Milan şäherindäki «Fonderia Artistica Battaglia» guramalary bilen bilelikde işläpdir.
«Towşan adam» eseriniň tanyşdyrylyşy Şanhaýyň häzirki zaman sungat muzeýinde Deppiň «A Bunch of Stuff» atly sergisiniň açylýan gününe gabat gelýär. Ol ýerde aktýoryň çeken 200-den gowrak suraty görkeziler.
Depp kino pudagynda hem işini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda dünýäniň kinoteatrlarynda onuň Ebenezer Skrujyň roluny ýerine ýetiren «Ebenezer: Roždestwo hekaýaty» atly täze filmi çykar. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda «Ebedi ýolagçy» atly ekşn-triller filmi ekranlara çykar. Şeýle hem aktýor «Karib deňziniň garakçylary» filminiň täze bölümine gatnaşmak barada hem gepleşikleri geçirýär.