Türkiýede gadymy hetlere degişli küýzäniň içinden, takmynan, 4 müňýyllyk gökbaş gülüniň tohumlary tapyldy. Bu barada ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi.
Tapylan tohumlar häzirki wagtda diňe Ankara şäheriniň Gölbaşy etrabynda ösýän bu ösümligiň şu güne çenli belli bolan iň gadymy tohumlarydyr. Tapyndy Hatt we Hett siwilizasiýalary bilen baglanyşykly gadymy Külhüýük şäherçesinde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy.

Ministriň aýtmagyna görä, tapylan tohumlar bu ösümligiň müňlerçe ýyl mundan ozal hem şol sebitde bolandygyny görkezýär. Bu tapyndy alymlara gadymy Anadolyda ösümlik dünýäsiniň nähili bolandygy barada goşmaça maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ankara «söýgi güli» diýlip tanalýan bu ösümlik döwlet tarapyndan goralýar. 2019-njy ýylda oňa belli bir geografik sebit bilen baglanyşygyny resmi taýdan tassyklaýan aýratyn hukuk derejesi berildi.