Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmen tarapy bu ähmiýetli waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, Sammitiň netijeli hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň gatnaşyjy döwletlere duşuşygyň gün tertibiniň taslamasyny iberendigini we onuň bäş esasy ugry öz içine alýandygyny aýtdy. Ilki bilen, sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar meýilleşdirilýär. Şeýle-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksat edilýär.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek hem esasy orun eýeleýär. Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de Aral deňzini gaýtadan dikeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bular bilen birlikde medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly ugurlar hem gün tertibine girizildi.
Sammite taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän günlerinde Awazada birnäçe halkara forumlaryň hem-de medeni çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň şeýle halkara duşuşyklary guramaga jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam bildirdi we ähli döwlet Baştutanlaryna gyzyklanma bildirýändikleri üçin minnetdarlygyny beýan etdi.