Töwekgelçilikleri modelirlemek bilen meşgullanýan «Verisk» kompaniýasynyň barlagyna görä, tebigy heläkçilikler dünýä ykdysadyýetine her ýyl ortaça 450 milliard dollar möçberinde zyýan ýetirýär. «Financial Times» neşiriniň ýazmagyna görä, ätiýaçlandyryş kompaniýalary bu ýitgileriň ýarysynyň hem öwezini dolmaýar.
Umumy ýitgileriň takmynan 62%-i, ýagny ýylda 279 milliard dollarlyk zyýan ätiýaçlandyrylman galýar. Bu çykdajylaryň ýüki gönüden-göni gozgalmaýan emläk eýeleriniň, kompaniýalaryň we döwletiň gerdenine düşýär.

Bilermenler klimatyň üýtgemegini we şäherleriň ösmegini naza alyp, geljekde ýitgileriň has-da artmagyna garaşýar. Gozgalmaýan emläkleriň barha köp bölegi tebigy betbagtçylyklara sezewar bolýan sebitlerde ýerleşýär. Ýitgileriň artmagyna jaý gurluşygynyň gymmatlamagy hem täsir edýär. Mysal üçin, ABŞ-da ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk çykdajylary umumy inflýasiýadan has tiz köpelýär.
Bu ýagdaý ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny öz üstüne alyp biljek töwekgelçilikleriniň möçberini azaltmaga we şertnamalaryň talaplaryny güýçlendirmäge mejbur edýär: käbir zyýan görnüşleri ätiýaçlandyryş polislerinden aýrylýar, howply zolaklarda ýaşaýan müşderilere bolsa ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny bermekden ýüz öwürilýär. Ösüp barýan ýurtlarda bolsa ätiýaçlandyryş goragy ilkibaşdan diýen ýaly ýokdur.
Şeýlelikde, tebigy betbagtçylyklaryň ýetirýän umumy zyýany ýokary bolmagynda galsa-da, ätiýaçlandyryş kompaniýalary tarapyndan öwezi dolunýan ýitgileriň paýy azalýar. 2025-nji ýylda dünýäde tebigy betbagtçylyklardan ätiýaçlandyrylan ýitgileriň möçberi yzly-yzyna altynjy ýyl 100 milliard dollardan geçdi.

2025-nji ýylyň statistikasy muňa aýdyň mysal bolup biler:
- Los-Anjelesdäki ýangynlarda zyýan ýeten desgalaryň 35%-iniň ätiýaçlandyryşy ýokdy. Ýangynlaryň ýetiren umumy zyýany 65 milliard dollara ýetdi.
- Mýanmada mart aýynda bolan ýertitreme 12 milliard dollar möçberinde ýitgi getirdi, emma ätiýaçlandyryş kompaniýalary onuň 100 million dollardan hem az böleginiň öwezini doldy.
- Tehasda iýul aýynda bolan suw joşmasynyň ýetiren zyýany 1,1 milliard dollar möçberinde bahalandyryldy. Bu ýitgileriň hem aglaba bölegi ätiýaçlandyryşsyz galdy.