29-njy sentýabrda Angliýanyň Premýer-ligasynyň garaşsyz komissiýasy «Mançester Sitini» maliýe düzgünlerini yzygiderli bozmak bilen bagly 115 aýyplamanyň 114-si boýunça günäkär diýip karar çykardy. Komissiýanyň netijesine görä, klub 2009/10-dan 2017/18 ýyllar möwsümine çenli döwürde maliýe maglumatlaryny ýoýup görkezipdir.
Premýer-liganyň derňewi 2018-nji ýylyň dekabrynda başlady we dört ýyldan gowrak wagtlap dowam etdi. Indi kluba nähili çäre görülmelidigi aýratyn diňlenişikde kesgitlener. Düzgünlere görä, kluba jerime salmakdan we gazanan utuklaryndan mahrum etmekden başlap, has agyr sport jezalary, şol sanda çempionlyk titullaryny elinden alyp, ligadan çykarmaga çenli dürli temmiler ulanylyp bilner.
Komissiýanyň maglumatyna görä, «Mançester Siti» maliýe düzgünlerini berjaý edýän ýaly görünmek üçin umumy möçberi 900 million funtdan (1,19 milliard dollardan) geçýän emeli täjirçilik şertnamalaryny we maliýe amallaryny ulanypdyr. Şeýle usullar arkaly klubuň girdejileri emeli ýagdaýda çişirilip, çykdajylary bolsa peseldilip görkezilipdir. Netijede, klub Premýer-liganyň we UEFA-nyň maliýe çäklendirmelerini ep-esli möçberde bozupdyr.
Komissiýa klub tarapyndan maliýe hasabatlarynyň ýoýulandygyny, hakyky maliýe ýagdaýynyň auditorlardan we futbol düzgünleşdiriji edaralaryndan ýaşyrylandygyny hem kesgitledi. Şeýle hem «Mançester Sitiniň» Premýer-liganyň derňewi bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça borçlaryny birnäçe gezek bozandygy bellenildi.
115 aýyplamanyň diňe biri – derňew bilen hyzmatdaşlyk etmänligi hakdakysy ykrar edilmedi.
Klub komissiýanyň netijelerini ret edýär. «Şäherliler» öz garaýşyny tassyklaýan subutnamalarynyň bardygyny aýdyp, karara garşy şikaýat etmäge taýýardygyny mälim etdi. Şikaýat üçin kluba 2-nji oktýabra çenli möhlet berildi.

Klubuň prezidenti Halduň al-Mubarak hem Premýer-liganyň bu işi boýunça seljermäniň entek tamamlanmandygyny ýaňzydýar. Ol «Sitiniň» özüniň günäsizdigine bolan ynamynyň öňküsi ýaly güýçlüdigini belledi.
Indiki tapgyrda komissiýa kluba nähili çäre görülmelidigini ýapyk diňlenişikde ara alyp maslahatlaşar.
«Mançester Siti» 1880-nji ýylda döredildi. Klub Angliýanyň iň köp çempionlyk gazanan toparlarynyň biridir. 2008-nji ýylda kluby BAE-niň Abu Dhabi United Group maýa goýum topary satyn aldy. Toparyň ýolbaşçysy şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýandyr.
Şondan bäri «Mançester Siti» Premýer-liganyň sekiz çempionlygyny, Angliýanyň Kubogynyň dördüsini, Liga Kubogynyň ýedisini we Çempionlar ligasynyň bir kubogyny gazandy.

Soňky 10 ýylda kluba ispaniýaly Hosep Gwardiola tälim berdi. «L'Équipe» neşiriniň maglumatyna görä, ol 2025/26 möwsüminde Premýer-liganyň iň köp aýlyk alýan tälimçisi bolup, aýda 1,92 million ýewro gazandy.
2025/26 möwsümi tamamlanandan soň Gwardiola kluby terk etdi. Onuň ýerine ozal kömekçisi bolup işlän italiýaly hünärmen Enzo Mareska baş tälimçi bellenildi.
2026-njy ýylyň tomusyndaky transfer döwründe «Mançester Siti» Transfermarkt maglumatyna görä, täze futbolçylary satyn almak üçin 526,2 million ýewro sarp etdi. Şeýlelikde, klub 2025-nji ýylda «Liwerpul» tarapyndan goýlan 483 million ýewrolyk rekorddan hem öňe geçdi.