Makoleý Kalkin «Öýde ýeke» («Home Alone») filminiň dowamynda ýene Kewin Makkalisteriň keşbini janlandyrar. Bu barada Puck neşiri habar berýär.
Žurnalistleriň maglumatyna görä, aktýor geljekki film baradaky pikirini paýlaşanyndan soň, «Disney» kompaniýasy onuň önümçilige goýberilmegini makullapdyr.
Kalkin geljekki filmiň sýužeti barada geçen ýyl gürrüň beripdi. Täze bölümde onuň gahrymany aýrylyşan ýa-da aýaly aradan çykan, köp wagtyny işde geçirip, ogly bilen arasy bozulan kaka hökmünde görkeziler. Kewin öýüň daşynda galanda, ýagdaý has-da çylşyrymlaşýar: onuň ogly kakasyny öýe goýbermejek bolup, dürli duzaklary gurýar.
Kalkiniň pikirine görä, filmde öý kakanyň we ogluň arasyndaky gatnaşyklaryny alamatlandyrmaly. Kewin «oglunyň ýüregine ýol tapmaga» çalşar.
Variety neşiriniň maglumatyna görä, taslama häzirlikçe başlangyç tapgyrda. Filmiň ssenarisini Kalkin bilen bilelikde Set Rogen we Ewan Goldberg ýazýar. Olar filmiň prodýuserleri hökmünde hem çykyş ederler.

«Öýde ýeke» filminiň birinji bölümi 1990-njy ýylda ekrana çykyp, dünýä prokatynda 476 million dollar girdeji gazandy. Iki ýyldan soň filmiň ikinji bölümi görkezildi, ol 359 million dollar ýygnady. Bu filmler wagtyň geçmegi bilen tomaşaçylaryň iň söýgüli komediýalarynyň hataryna goşuldy.
Franşizanyň soňraky bölümlerine Kalkin gatnaşmady.
2021-nji ýylda «Disney» filmiň täzeden işlenen görnüşini çykardy, emma ol kino tankytçylary tarapyndan sowuk garşylandy.