Menni, Sid we Diego howply syýahata ugraýar: «Buzluk döwrüniň» altynjy bölüminiň treýleri çykdy

Şu gün, 17:48435
1 / 5

Disney kompaniýasy «Buzluk döwri: Gaýnama nokady» (Ice Age: Boiling Point) multfilminiň doly göwrümli treýlerini hödürledi. Meşhur animasion franşizanyň altynjy bölümi daşary ýurt kinoteatrlarynda 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda görkezilip başlanar. Wideo Disney-iň resmi YouTube kanalynda ýerleşdirildi.

Bu gezek mamont Menni, ýaltaja Sid, gylyç dişli gaplaň Diego we olaryň dostlary dinozawrlardan hem wulkan lawasyndan doly Ýiten dünýä syýahata ugrar. Täze başdan geçirmede ene mamont Elli, alaka Bak we meşe gozasyndan aýrylman ýören senjap Skrat hem peýda bolar.

Skrata körpe Skrat we ýura döwrüniň äpet Skraty hem goşular. Disney treýler bilen birlikde multfilmiň täze posterini hödürledi hem-de ses beren goşmaça aktýorlary yglan etdi.

Öz keşplerine, degişlilikde, Mennä, Side we Diego ses berýän Reý Romano, Jon Leguizamo hem-de Denis Liri dolandy. Elli ýene-de Kwin Latifanyň sesi bilen gürlär, Baka bolsa Saýmon Pegg ses berer. Multfilmiň režissýory hökmünde «Buzluk döwri: Bakyň başdan geçirmeleri» atly eseriň üstünde işlän Jon Donkin çykyş etdi.

Franşizanyň öňki esasy bölümi bolan «Buzluk döwri: Uly çaknyşyk» 2016-njy ýylda çykypdy. Şeýlelikde, multfilmiň dowamy on ýyldan gowrak wagtdan soň peýda bolar.