Mongoliýada uzynlygy 73 metr bolan gadymy gubur tapyldy: Içi doly hazyna

Şu gün, 07:292,573
1 / 4

Arheologlar Mongoliýada ýaşy, takmynan, iki müň ýyllyk ägirt uly gubury ýüze çykardylar. Olar tutýan meýdany 73 metre uzalyp gidýän bu guburda gadymy Ýewraziýanyň dürli halklarynyň medeniýetlerine degişli 413 sany gymmatly tapyndynyň üstünden bardylar. Bu barada The Daily Galaxy neşiri habar berýär.

Gubur Gündogar Mongoliýadaky, öň hunlar tarapyndan ulanylan gadymy Durlig-Nars gonamçylygynda ýerleşip, ol güýçli hun döwletiniň täsiriniň eýýäm gowşan döwri bolan biziň eýýamymyzyň I asyrynyň ahyryna ýa-da II asyrynyň başlaryna degişlidir.

Gazuw-agtaryş işleri 2023-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Milli muzeýiniň, Mongoliýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň we Mongoliýanyň Milli muzeýiniň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde başlandy. Gözlegleriň dowamynda girelge geçelgesi bolan uzyn gubur toplumy ýüze çykaryldy. Gurluşyň merkezi bölegi ýeriň aşagyna tas 15 metre çenli çuňluga aralaşýar.

Gubur biri beýlekisiniň içinde ýerleşýän iki sany otagdan ybarat bolupdyr. Olaryň üsti dokuz gat daş bilen örtülipdir. Arheologlar merkezde ýerleşýän agaç tabyda ýetmek üçin daş gatlaklaryny ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmaly bolupdyrlar. Merkezi jaýlanan otagyň edil ýokarsynda bolsa merhumyň jemgyýetdäki ýokary derejesini görkezýän lak bilen örtülen araba tapyldy.

Merhumyň şahsyýeti entek anyklanylmady. Ýöne muňa garamazdan, guburyň baýlygy hem-de onuň eýeleýän ýeriniň möçberi merhumyň hun jemgyýetinde möhüm orny tutandygyndan habar berýär.

Üsti açylan 413 sany tapyndynyň arasynda Hytaýda ýasalan nefrit şaý-sepler, at esbaplarynyň kümüş bölekleri we tutawaçly aýna gap bar. Alymlar bu gabyň Rim imperiýasyndan getirilendigini çaklaýarlar. Hünärmenler onuň gelip çykyşyny takyk kesgitlemek üçin aýnanyň himiki düzümini öwrenmegi meýilleşdirýärler.

Arheologlar tabydyň düýbünden nagyşlar bilen bezelen 15 sany tegelek nefrit daşyny hem tapdylar. Olar Hytaýyň Han nesilşalygynyň döwrüne degişli guburlardan tapylan önümlere meňzeýär. Ýöne täze tapylan daşlar olardan daşky görnüşi we has inçe nagyşlary bilen tapawutlanýar.

At esbaplarynyň kümüş böleklerindäki nagyşlar Koreýada tapylan gadymy zatlaryň bezeglerine meňzeýär. Alymlaryň pikiriçe, şeýle önümler söwda, diplomatik gatnaşyklar ýa-da beýleki siwilizasiýalaryň araçylygy arkaly dürli sebitlere aralaşan bolmagy mümkin.

Alymlaryň ünsüni guburyň gurluş aýratynlyklary hem özüne çekdi. Onuň merkezi otagy, Merkezi Mongoliýada tapylan beýleki baý hun guburlary bilen deňeşdirilende, has ýüzleý ýerleşýär. Arheologlar bu aýratynlygy guburyň gurlan döwründe hunlaryň syýasy kuwwatynyň gowşap başlamagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Alymlar DNT seljermesini geçirmek üçin birnäçe nusga topladylar. Bu barlaglar merhumyň gelip çykyşyny anyklamaga we hunlaryň ilatynyň düzümi barada goşmaça maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berer.