Hytaýyň günortasyndaky Basian we Nasian gowaklarynda arheologlar dokuz sany adam dişini tapdy. Olaryň sekiz sanysy häzirki adamlaryň gadymy garyndaşy bolan Homo erectus-a (dik ýöreýän adam) degişli. «Nature» žurnalynda çap edilen barlagyň netijeleri bu adamlaryň ewolýusiýasy baradaky düşünjelere täzeden garamaga mejbur edýär.
Ozal dik ýöreýän adamlar, esasan, düzlüklerde we sawannalarda ýaşapdyr diýlip hasaplanýardy, ýöne täze tapyndylaryň derňewi olaryň tropiki jeňňellerde hem üstünlikli ýaşap bilendigini we bu sebitde öň çaklanylandan has uzak wagtlap galandygyny görkezdi.

Gowaklarda adam galyndylaryndan başga-da dürli süýdemdirijileriň, şol sanda pilleriň, maýmynlaryň, pandalaryň, tapirleriň we kerkiň 18 müňden gowrak galyndysy tapyldy, munuň özi şol döwürde çygly tropiki tokaýlaryň bolandygyny tassyklaýar.
Dokuz dişiň sekizisi mahsus alamatlary boýunça Homo erectus-a degişli edildi, öwrenilen bäş nusganyň dördüsiniň belok derňewi bolsa bu degişliligi tassyklap, şol bir wagtyň özünde-de, belok düzüminde ujypsyz tapawutlary ýüze çykardy. Alymlar bu tapawutlaryň Homo erectus-yň ozal näbelli bolan populýasiýasyny görkezip biljekdigini çaklaýar.
Dokuzynjy dişiň gurluşy we belok düzümi ne Homo erectus, ne neandertallar, ne-de häzirki zaman adamlary bilen gabat gelýär. Barlag geçiren alymlar onuň denisow adamyna degişli bolup biljekdigini çaklaýar, emma deňeşdirmek üçin maglumatlaryň ýetmezçiligi sebäpli, bu çaklamany häzirlikçe tassyklap bolmady. Ýöne bu sebitde gadymy adamlaryň dürli toparlarynyň wekilleriniň bile ýaşandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär.

Radiometrik seneleme tapyndylaryň ýaşyny 184 müňden 324 müň ýyl aralygynda kesgitledi, ýöne ozal Hytaýda Homo erectus-yň bolandygyna şaýatlyk edýän subutnamalaryň ýaşy 400 müň ýyldan bäri geçmeýärdi. Täze maglumatlar görnüşiň bu ýerde has uzak wagtlap galandygyny görkezýär.
Diş emalyndaky uglerod izotoplarynyň barlagy bu gadymy adamlaryň iýmitiniň, esasan, gür tropiki tokaýlaryň ösümlikleri bilen baglanyşykly bolandygyny görkezdi, stronsiý izotoplarynyň derňewi bolsa gadymy adamlaryň dürli tebigy sebitleriň arasynda — gowaklardan, takmynan, 250 km uzaklykdaky häzirki demirgazyk Wýetnamyň çägine çenli aralykda hereket edendiklerini görkezýär.
Alnan maglumatlar tropiki tokaýlaryň Homo erectus üçin açyk sawannalardan we düzlüklerden has amatly bolandygyny nygtamasa-da, olar bu görnüşiň dürli tebigy şertlere uýgunlaşmak ukybynyň pikir edilenden ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär.