Arheologlar Moskwanyň merkezinde 200-e golaý gadymy tapyndyny ýüze çykardylar

Şu gün, 14:261,460
1 / 4

Russiýanyň paýtagty Moskwanyň merkezinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde 200-e golaý taryhy gymmatlyk ýüze çykaryldy.

Tapyndylaryň arasynda XVIII asyra degişli dür bilen bezelen uly aýna gaşly gulakhalka, şeýle-de XIX asyryň başlaryna degişli ýaşylbaş ördegiň şekilindäki çaga oýnawajynyň bölegi has-da ünsüňi egleýär.

Gazuw-agtaryş işleri Moskwanyň Trubnaýa we Sadowa-Suharewskaýa köçeleriniň, Sretеnka hem-de Bolşoý Suharewskiý geçelgesiniň aralygynda geçirildi.

Mundan başga-da, arheologlar toýundan ýasalan ýalpak gaby, kiçi tutawaçly we gapakly okaralary, şemdanlaryň böleklerini hem-de gyzyl toýundan ýasalan şybyklary tapdylar. Hünärmenleriň çaklamagyna görä, bu tapyndylaryň käbiri birnäçe asyr mundan ozal şol ýerde hereket eden traktire degişli bolup biler.

Tapylan taryhy gymmatlyklar Moskwa şäheriniň muzeý gaznasyna tabşyrylar.

Moskwanyň Medeni miras departamentiniň ýolbaşçysy Alekseý Ýemelýanowyň aýtmagyna görä, tapyndylaryň sany kän bolmasa-da, olar öňki moskwalylaryň ýaşaýyş şertlerini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.

«Bu ýygyndy deňeşdirer ýaly uly bolmasa-da, örän özüneçekiji we bize geçen asyrlardaky Moskwa şäheriniň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşy barada gürrüň berýär. Tapyndylaryň köpüsi hojalykda ulanylan gap-gaçlar bolup, olaryň aglabasy eýýäm arassalanyp rejelendi» diýip, Alekseý Ýemelýanow belledi.

Bu ýyl Moskwada arheologik gözlegler giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda arheologlar şäheriň 30-dan gowrak ýerinde iş alyp barýarlar. Şu wagta çenli olar 4 müňe golaý aýratyn taryhy tapyndyny ýüze çykarmagy başardy.

Soňky bäş ýylyň dowamynda bolsa Moskwanyň muzeý gaznasyna 50 müňden gowrak arheologik tapyndy tabşyryldy.