Alp daglarynda boýna dakylýan 4000 ýyllyk halka tapyldy

Şu gün, 12:002,515
1 / 3

Şweýsariýanyň Alp daglarynda ýerleşýän Letşen geçelgesinde arheologlar üstünden 4000 ýyl çemesi wagt geçen bürünçden ýasalan boýna dakylýan halkany tapdylar. Şeýle görnüşli şaý-sepe bu dag geçelgesinde ilkinji gezek gabat gelindi.

Taryhy tapyndyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda geçirilen gözlegleriň dowamynda Bern kantonynyň Arheologiýa gullugynyň işgärleri tapdylar. Halka deňiz derejesinden 2600 metrden gowrak belentlikde ýerleşipdir. Hünärmenler ony bürünç asyrynyň irki döwrüne, ýagny, takmynan, b.e. öňki 2000–1700-nji ýyllara degişli hasaplaýarlar.

Halkanyň diametri tas 13 santimetr. Ýokary daglyk ýeriň gazaply tebigy şertlerinde dört müňe golaý ýyllap ýatan hem bolsa, inçe bürünç bezeg şaýy örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr. Hünärmenler tapyndynyň ähli aýratynlyklaryny resminamalaşdyrandan soň, ony seresaplyk bilen alyp, konserwasiýa işlerini geçirmek üçin Bern şäherindäki Arheologiýa gullugynyň barlaghanasyna iberdiler.

Alymlar bu bezeg şaý-sepiň şol ýerde bilkastlaýyn galdyrylan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Ol gadymy döwürde ýolagçylaryň daglardan howpsuz geçmek üçin hudaýlardan medet isläp galdyran sadakasy ýa-da şowly syýahatdan soňky minnetdarlyk nyşany bolup biler.

Letşen dag geçelgesi arheologlara öňden bäri mälim bolan ýerleriň biridir. Bu ýerden ozal Rim imperiýasy döwrüne degişli teňňeler we orta asyrlara degişli peýkamlar tapylypdy. 2011-nji ýyldan bäri bolsa bürünç asyryna degişli dürli tapyndylar, şol sanda ýaý, peýkamlar, deri önümleri we agaç gutujyk ýüze çykaryldy.

Gadymy döwre degişli deri we agaç ýaly organiki materiallaryň köpüsi dag buzlarynyň astynda saklanyp galypdyr. Ýöne soňky ýyllarda howanyň ýylamagy sebäpli, buzluklar eräp başlady. Bu hem müňýyllyklaryň dowamynda buzuň aşagynda galan taryhy tapyndylaryň üstüniň açylmagyna sebäp bolýar. Şol bir wagtyň özünde, bu ýagdaý olaryň tebigy şertleriň täsiri bilen çalt zaýalanmagyny hem güýçlendirýär.

Bürünç halka ozalky arheologik tapyndylaryň ýerleşýän ýerlerinden has çetde galypdyr. Bern kantonynyň Arheologiýa gullugynyň maglumatyna görä, bu Letşen geçelgesinden tapylan ilkinji bürünç önümi we irki bürünç asyryna degişli ilkinji bezeg şaý-sepidir.