Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň täze Düzgünlerini tassyklady. Ministr Nazar Agahanowyň 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda çykaran 136 belgili buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 18-nji noýabrda döwlet belligine alyndy.
Şol bir wagtyň özünde, bu ugurda 1995-nji, 1998-nji we 1999-njy ýyllarda kabul edilen öňki kadalaşdyryjy namalar güýjüni ýitirdi.
Täze düzgünler düzüminde etil spirtiniň möçberi 1,5%-den ýokary bolan taýýar önümlere — likýor-arak önümlerini hem öz içine alýan spirtli içgilere, çakyr önümlerine, pes alkogolly içgilere, piwo we onuň esasynda taýýarlanylýan içgilere degişlidir. Bu ugurda iş alyp barmak üçin degişli ygtyýarnamanyň bolmagy hökmanydyr. Ýurda getirilýän we Türkmenistanda öndürilýän alkogolly önümleriň ählisi goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenmäge degişlidir. Alkogolly önümleriň islendik görnüşde mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär.
Täze düzgünlere laýyklykda, dükanlarda alkogolly önümleri bölek-satuw görnüşinde diňe iş günleri sagat 10:00-dan 20:00-a çenli satmaga rugsat berilýär. Şenbe, ýekşenbe, şeýle hem işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde dükanlarda alkogol söwdasy gadagan edilýär. Bu çäklendirmeler restoranlara, barlara, kafelere we paçsyz söwda dükanlaryna degişli däldir.
Alkogolly önümleri 21 ýaşyna ýetmedik adamlara satmak gadagan. Her bir söwda nokadynda bu barada degişli duýduryş ýerleşdirilmelidir.
Alkogolly önümleri diňe hemişelik ýöriteleşdirilen dükanlarda, arak-çakyr bölümlerinde, restoranlarda, barlarda, kafelerde we toý dabaralarynyň geçirilýän jaýlarynda satmaga rugsat berilýär. Şäherlerdäki dükanlaryň umumy meýdany azyndan 50 inedördül metr, oba ýerlerindäki dükanlaryňky bolsa azyndan 25 inedördül metr bolan ammar jaýlary bolmalydyr. Internet arkaly söwda etmek, söwda awtomatlaryny ulanmak, öýe eltip bermek, elden, awtoulaglardan we göçme tekjelerden satmak, şeýle hem jemgyýetçilik ulaglarynda, otlularda, uçarlarda we gämilerde alkogolly önümleri ýerlemek gadagan edilýär.
Söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýerine hem aýratyn talaplar bildirilýär. Alkogolly önümleri bilim edaralaryndan 100 metrden, sport, saglygy goraýyş we medeniýet edaralaryndan, demir ýol we howa menzillerinden, portlardan, ýangyç guýujy beketlerden hem-de harby maksatly desgalardan 25 metrden golaý aralykda satmak bolmaýar. Çaga we sport harytlary satylýan bölümlerde hem alkogol söwdasy gadagan. Aralyk söwda nokadynyň giriş gapysyndan degişli desganyň girişine çenli ýanýodalar we pyýada ýodajyklar boýunça ölçenilýär.
Täze düzgünlerde alkogolly önümleriň gaplanylyşyna hem talaplar kesgitlenýär. Piwo önümlerinden başga alkogoly plastik gaplarda, şeýle hem göwrümi 1,5 litrden geçýän polimer çüýşelerde we karton gutulardaky paketler ýaly utgaşdyrylan gaplarda satmak gadagan. Demir gaplarda diňe piwo, pes alkogolly içgiler we berkligi 12 göterimden pes bolan likýor-arak önümleri satylyp bilner. Keglerden guýulýan piwony täze, germetik ýapylýan, göwrümi 1,5 litre çenli bolan PET çüýşelere guýmaga rugsat berilýär.
Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümleriň etiketkalarynda «Alkogolly önümler Siziň saglygyňyza zyýanlydyr!» diýen duýduryş ýazgysy bolmalydyr. Ol etiketkanyň meýdanynyň azyndan 20%-ini eýelemelidir. Sarp edijiler üçin maglumatlar türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde ýerleşdirilip bilner. Restoranlaryň we barlaryň tagamnamalarynda içginiň bir çüýşesiniň, şeýle hem 100 millilitriniň, berk spirtli içgiler üçin bolsa 50 millilitriniň bahasy görkezilmelidir. Çüýşäni müşderiniň ýanynda diňe edaranyň işgäri açmalydyr.
Talaplara laýyk gelýän ýokary hilli alkogolly önümler çalşylmaga we yzyna gaýtarylmaga degişli däldir. Emma alyjy ýaramsyz hilli, galp ýa-da ýaramlylyk möhleti geçen önümi, şeýle hem gaplamasy zaýalanan harydy satyn alan bolsa, bellenen şertleri berjaý etmek bilen, ony satyn alan gününden soň 36 sagadyň dowamynda yzyna gaýtaryp biler.
Mundan başga-da, täze düzgünlerde lomaý söwda ammarlarynyň işine bildirilýän talaplar kesgitlenýär. Olary ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdirmek gadagan. Resminamada alkogolly önümleri saklamagyň şertleri, şol sanda içgileriň dürli görnüşleri üçin göz öňünde tutulan temperatura kadalary hem jikme-jik beýan edilýär.