Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Şu gün, 17:412,716

25-nji noýabrda Ankara şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammet Selami Ýazyjy bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamagyň wajypdygy bellenildi.

Gürrüňiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.