23-nji noýabrda Baku şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada THP habar berýär.
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Azerbaýjanyň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, ylmy-akademiki we medeni jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow kitabyň mazmuny bilen tanyşdyryp, ýurduň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we halkara dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada durup geçdi.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini we onuň halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny belledi.
Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Isa Habibbeýli kitabyň türkmen diplomatiýasyny, milli däp-dessurlary we medeni mirasy öwrenmek üçin ähmiýetini nygtady. Türki medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa bolsa kitabyň azerbaýjan diline terjime edilmegine Gaznanyň gatnaşandygy barada gürrüň berdi.