2026-njy ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçiriler.
Maslahatyň guramaçysy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir.
Maslahatyň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan, şeýle hem zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA ýurtlarynyň we guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, gepleşikleri we gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Maslahata Azerbaýjanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ygtyýarly we ulag edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, zähmeti kadalaşdyrmak boýunça usulyýet we guramaçylyk-tehniki işlerini üpjün edýän GDA gatnaşyjy döwletleriň binýatlyk guramalarynyň, GDA-nyň döwletara statistika boýunça komitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň 20-nji noýabrda geçirilen mejlisinde hasabat berlipdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şonda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi we maslahata gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Maslahat Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän we GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edildi.