Şageldi Gurbandurdyýew we Mähri Agamyradowa Gran-priniň Mary tapgyrynda ýeňiş gazandy

Şu gün, 21:003,387
1 / 11

16–21-nji noýabr aralygynda Mary welaýatynyň «Baýramaly» şypahanasynda Türkmenistanyň küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Oňa ýurduň dürli künjeginden gelen dürli ýaşdaky we dürli derejedäki 212 küştçi gatnaşdy – 130-sy açyk kategoriýada, 82-si zenanlaryň arasynda.

Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Her oýna 60 minut wagt berildi we her göçüm üçin goşmaça 30 sekunt goşuldy. Esasy toparlardan başga-da, 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 50 we 60 ýaşdan uly ýaşdaky oýunçylaryň arasynda ýeňijiler kesgitlenildi.

Açyk kategoriýada Dänew etrabyndan 12-nji synp okuwçysy — sport ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýew ýeňiş gazandy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8-ini toplady we birinji ýeri eýeledi. Mundan öň noýabryň başynda Şageldi Gran-priniň Lebap welaýatyndaky tapgyrynda-da ýeňiş gazanypdy.

Mary welaýatyndaky ýaryşda ikinji orny Şahruh Turaýew (7,5 utuk bilen), üçünji ýeri bolsa FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew (7 utuk) eýeledi.

Zenanlar kategoriýasynda 8,5 utuk bilen Lebap welaýatyndan 16 ýaşly küştçi Mähri Agamyradowa birinji ýeri eýeledi. Lebapdaky ýaryşda Mähri bürünç medal bilen oňmaly bolupdy, emma bu gezek ol 7 utuk toplan Jennet Ýalkanowadan we Ogulsuraý Baýrambaýewadan öňe geçmegi başardy.

Ýetginjekleriň arasynda ýeňijiler:

  • 18 ýaşa çenli — Begenç Öwezow, 7 utuk;
  • 16 ýaşa çenli — Ahmet Artykow, 7 utuk;
  • 14 ýaşa çenli — Alihan Batyrow, 6,5 utuk;
  • 12 ýaşa çenli — Nazar Narimanow, 7 utuk;
  • 10 ýaşa çenli — Çaryhekim Çaryýew, 6,5 utuk;
  • 8 ýaşa çenli — Kerim Babaýew, 5,5 utuk;
  • 6 ýaşa çenli — Azimkuly Ýagmyrow, 5 utuk.

Gyzlaryň arasynda ýeňijiler:

  • 18 ýaşa çenli — Mährijemal Gurbangeldiýewa, 6 utuk;
  • 16 ýaşa çenli — Nurana Jumanýazowa, 6 utuk;
  • 14 ýaşa çenli — Nurana Soýunowa, 6 utuk;
  • 12 ýaşa çenli — Läle Wepaýewa, 6 utuk;
  • 10 ýaşa çenli — Bägül Jumaýewa, 6 utuk;
  • 8 ýaşa çenli — Näzli Kakageldiýewa, 5 utuk;
  • 6 ýaşa çenli — Aýperi Batyrowa, 5,5 utuk.

Ýaşuly küştçüleriň arasynda 50+ ýaş toparynda 7 utuk bilen Aýdogdy Atabaýew, 60+ ýaş toparynda bolsa 5,5 utuk bilen Şageldi Şalyýew birinji orny eýelediler.

Ýaryşy guraýjylar «Baýramaly» şypahanasynyň ýolbaşçylaryna ýaryşyň geçirilmegine ýardam berendigi we gatnaşyjylar üçin zerur şertleri döredendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.