Türkiýede Nuh pygamberiň gämisiniň bolandygy çaklanylýan sebitde ýaşy çak bilen 4300 ýyl diýlip hasaplanylýan agaç we kömür bölekleri ýüze çykaryldy. ABŞ-da geçirilen radiokarbon seljermesi alnan nusgalaryň biziň eýýamymyzdan öňki 2200–2400-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Bu barada Haberler neşiri habar berýär.

Türkiýäniň Agry welaýatynda geçirilen ylmy-barlag işlerine bäş ýurtdan 20 töweregi hünärmen gatnaşdy. Olaryň arasynda arheologlar, geologlar we geofizikler bar. Ýygnalan nusgalar radiokarbon usuly arkaly barlagdan geçirmek üçin ABŞ-daky, Şweýsariýadaky we Türkiýedäki üç sany garaşsyz ylmy merkeze iberildi. Ilkinji netije ABŞ-da geçirilen barlagdan alyndy.
Siwasyň Respublika uniwersitetiniň Arheologiýa kafedrasynyň professory Jenker Atillanyň aýtmagyna görä, mukaddes kitaplarda beýan edilýän maglumatlardan çen tutulsa, bütindünýä suw joşmasy, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 2300-nji ýylda bolup geçipdir. Tapylan agaç bölekleriniň ýaşy hem şol döwür bilen gabat gelýär.

Şeýle-de bolsa, alymlar häzirlikçe tapylan zatlaryň Nuh pygamberiň gämisi bilen anyk baglanyşyklydygyny kesgitläp bilmediler. Olar Şweýsariýada we Türkiýede geçirilýän goşmaça barlaglaryň netijeleri gelip gowşandan soň, gutarnykly çözgüdi mälim ederler.
Injilde beýan edilişi ýaly, Nuhuň gämisi — bu bütindünýä suw joşmasy wagtynda takwa Nuh pygamberiň öz maşgalasyny we haýwanlary halas etmek üçin guran gämisidir. Suwlar çekilenden soň, gämi «Ararat daglaryna» gelip durupdyr.
Türkiýäniň çäginde özboluşly şekile eýe bolan bir depe bar. Köp ýyllardan bäri hut şol ýerden Nuh pygamberiň gämisiniň yzlary gözlenýär. Käbir alymlar bolsa, muňa şübhelenip, depäniň gämi galyndysy däl-de, hälki bir, adaty tebigy geologik emele gelmedigini öňe sürýärler.