Şanhaýda Ronaldunyň muzeýi açyldy: Onuň öňünde futbolçynyň 7 metrlik heýkeli bar

Şu gün, 20:022,262
1 / 8

Hytaýyň Şanhaý şäherinde «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň muzeýiniň täze şahamçasy açyldy. Meýdany 3 müň inedördül metre golaý bolan muzeý şäheriň Gündogar Nankin köçesindäki Şanhaý söwda merkeziniň C binasynyň üçünji gatynda ýerleşýär.

«Her bir gol, her bir kubok, her bir rekord. Indi bulary Şanhaýda hem görüp bolýar. CR7 muzeýi resmi taýdan açyldy. Ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biriniň taryhy bilen ýakyndan tanşyň» diýlip, muzeýiň resmi sahypasynda bellenilýär.

Muzeýiň edil girelgesinde 41 ýaşly portugaliýaly futbolçynyň boýy 7 metre ýetýän heýkeli oturdyldy. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu Ronaldunyň dünýäde uzaboýuna ýasalan iň beýik heýkelidir.

Muzeýde Ronaldunyň karýerasynyň çagalyk ýyllaryndan başlap, dünýä belli futbolça öwrülýänçä geçen ýoly görkezilýär. Bu ýerde onuň «Sporting» toparynda çykyş edip başlan döwründe ýaşan otagy, şeýle hem Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň dynç alyş otagy, eşik çalşylýan ýeri we oýunçylaryň meýdana çykýan ýerasty geçelgesine deňiç dikeldilipdir.

Funşal şäherinden Şanhaýa getirilen gymmatly eksponatlaryň sany 50-den geçýär. Olaryň arasynda Ronaldunyň gazanan baýraklary, oýunlarda geýen lybaslary, şeýle-de 2008-nji ýylda gowşurylan «Altyn top» baýragy, Ýewropa çempionatynyň kubogy hem-de Ronaldunyň meýdança çykan aýakgaplarynyň bir jübüti hem bar.

Muzeýe gelýänler Ronaldunyň «Real Madrid» toparynda 350-nji goluny geçiren oýnundaky köýnekçesini hem görüp biler. Oňa «patyşalyk toparynyň» ozalky baş tälimçisi Zinedin Zidan we beýleki futbolçylar gol çekipdirler. Ronaldunyň özi hem Şanhaýdaky muzeý üçin köýnekçeleriň birine öz goluny goýupdyr.