«Titanik» gämisiniň halas bolan ýolagçylarynyň biri Lýusi Daff-Gordona degişli bolan göwher gaşly ýüzük Beýik Britaniýadaky auksionda 150 müň funt sterlinge (takmynan, 196,5 müň dollar) satyldy. Bu barada «The Independent» ýazýar.
Söwdalar 21-nji noýabrda Dewizes şäherindäki «Henry Aldridge & Son» auksion öýünde geçirildi. Ilkibaşda bu ýüzüge iň köpi 80 müň funt sterling baha kesilipdi.
Daff-Gordon ony 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde «Titanik» gämisiniň heläkçilige uçran mahaly dakynypdyr. Ýüzük onuň gämi bilen birlikde suwuň düýbüne gitmedik ýeke-täk gymmatbahaly şaý-sepi bolup galdy.
«Bazarda «Titanigiň» halas bolan ýolagçylary bilen baglanyşykly şaý-sepler örän seýrek peýda bolýar, ýöne şeýle tanymal ýolagçynyň şahsy zadynyň onuň göni nesli tarapyndan satylmagy görlüp-eşidilmedik diýen ýaly» diýip, auksion öýüniň wekili Endrýu Oldrij aýdýar.
Ýüzük Daff-Gordonyň agtygy, üçünji Holsberi grafy Jona gowşurylypdy. Ol aradan çykandan soň, şaý-sep maşgalada galdy.
1912-nji ýylda Daff-Gordon «Titanikde» adamsy Kosmo bilen bilelikde syýahat edipdi. Olar 40 adama niýetlenen, ýöne suwa 12 ýolagçy we ekipaž agzalary bilen goýberilen 1-nji halas ediş gaýygynda halas boldy. Soňlugy bilen är-aýal beýleki ýolagçylara garaşman, gämini ir terk edendikleri üçin tankytlandy we hatda ekipaž agzalaryna pul tölemekde aýyplandy. Ýöne olara günäni ret etmek başartdy.
Hanym Lýusi Kristina Daff-Gordon XIX asyryň ahyrynyň — XX asyryň başynyň öňdebaryjy britan modelýerleriniň biri bolup, Lýusil ady bilen tanalýar. Onuň Londondaky abraýly moda öýüniň Parižde, Nýu-Ýorkda we Çikagoda şahamçalary bardy.

Şol bir auksionda üçünji derejeli petek bilen syýahat eden, heläkçilikde aradan çykan 32 ýaşly Meri Mengeniň jübi sagady hem satyldy. Alyjy onuň üçin 260 müň dollar töledi.
Meri Irlandiýadaky garyndaşlary bilen görşenden soň, yzyna ABŞ dolanyp barýan eken. Ol «Titanige» Kwinstaun portunda münüpdir.

Mundan başga-da, auksionda bu gämi bilen bagly birnäçe lot satyldy.
«Titanik» XX asyryň başyndaky iň uly ýolagçy laýneri bolup, ol 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde ilkinji ýüzüşiniň dowamynda aýsberg bilen çaknyşyp, suwuň düýbüne gitdi.