Germaniýanyň Gelzenkirhen şäheriniň ýaşaýjysyna ýany çagasyz oýun meýdançasynyň gapdalynda oturany üçin 25 ýewro jerime salyndy. Waka oktýabr aýynda bolupdy, ýöne DW-niň habaryna görä, bu barada ilkinji gezek Westdeutsche Allgemeine Zeitung (WAZ) gazeti habar berdi.
Hana atly aýal şahsy meselesi bilen bagly ruhdan düşüp, çagalaryň oýun meýdançasynyň golaýyndaky dyzeperde oturandygyny we aglap garyndaşy bilen telefonda gürleşendigini gürrüň berdi.
Şol wagt şäherde jemgyýetçilik tertibini goraýjy edaranyň üç sany işgäri onuň ýanyna baryp, ýanynda çagasynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny sorapdyr. Aýal ýanynda çagasynyň ýokdugyny aýdanda bolsa, oňa jerime salypdyrlar.
Hana çagalaryň oýun meýdançasyna diňe ýany çagaly ululara gelmäge rugsat berilýändigi baradaky häzirki düzgünden habarsyzdygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, polisiýa işgärleri jerime salman, diňe başga oturgyja geçip oturmagy haýyş edip hem bilerdiler.
Gelzenkirheniň hökümeti oýun meýdançalarynda nätanyş adamlaryň bolmagyny çäklendirmek düzgüniniň çagalaryň howpsuzlygy üçin girizilendigini nygtady. Şäheriň dolandyryş edarasynyň pres-sekretary Martin Şulmann bolsa jemgyýetçilik tertip-düzgünini goraýjy işgärleriň düzgüniň çäklerinde hereket edendigini hem-de 25 ýewro jerimäniň «ýeňilleşdirilen we laýyk çäredigini» belledi.
Şol wagt Gelzenkirhende oýun meýdançasynyň düzgünlerini bozanlara salynýan standart jerime 55 ýewrody. Noýabr aýynyň ortalarynda şäher häkimiýeti ony 60 ýewro çenli ýokarlandyrdy.