Oppo smartfonlar üçin hususy prosessoryny öndürip başlar

12.04.2022, 12:475,508

Hytaýyň Oppo kompaniýasy smartfonlar üçin hususy bir kristally sistemasyny (SoC) işläp düzdi. Bu barada ITHome portaly habar berýär. 

Oppo-nyň smartfonlar üçin ilkinji prosessorynyň önümçiliginiň 2023-nji ýylda başlamagyna garaşylýar. Kristally sistema Taýwanyň TSMC öndürijisiniň obýektlerinde 6 nm tehnologik proses boýunça çykarylar. 
2024-nji ýylda hytaý kompaniýasy 5G modemi bolan smartfonlar üçin ýene bir SoC-y çykarmagy meýilleşdirýär. Bu platforma ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanar. Oppo-nyň sistemasy barada tehniki maglumatlar aýan edilmeýär.
Oppo kompaniýasy Hytaýyň BBK Electronics korporasiýasynyň bölümçesidir. Ol dünýädäki iň uly smartfon öndürijileriniň hataryna girýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.