Hytaýda çägäniň astyndan 2200 ýyllyk imperator köşgüniň galyndylary tapyldy

Şu gün, 13:111
1 / 2

Hytaýly arheologlar Huan­tulýan arheologik ýadygärliginde Sin nesilşalygynyň döwrüne degişli, takmynan, 2200 ýyllyk binagärlik toplumynyň yzlaryny ýüze çykardylar. Alymlar bu desganyň çölüň içinden geçýän imperator ýolunyň ugrunda gurlan düşelge köşgi bolandygyny çaklaýarlar.

Arkeonews neşiriniň habar berşi ýaly, öň bu gadymy ilatly ýer Han nesilşalygynyň döwrüne degişli hasaplanypdyr. Emma täze geçirilen barlaglaryň netijeleri onuň Hytaýyň ilkinji birleşdirilen imperiýasynyň döwründe gurlandygyny görkezýär.

Huan­tulýan Mау-Us çölüniň günorta-gündogar çetinde ýerleşýär. Bu ýerde ekin meýdanlary çäge depelerine ulaşyp gidýär.

Toplumyň merkezi bölegi tas 10 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Desganyň galyndy bölekleri bolsa, takmynan, 150 müň inedördül metr töweregi meýdana ýaýrapdyr.

Arheologlar ýeriň ýüzünden keramit we bezeg kerpiçlerini, şeýle-de daş sütünleriň üç sany esasyny tapdylar. Aýratyn-da, mifiki jandarlaryň şekilleri bilen bezelen üçek bölekleri alymlaryň ünsüni çekdi. Şeýle bezegler öň imperator köşklerinde we Hytaýyň ilkinji imperatory Sin Şihuandiniň aramgähinde hem ýüze çykarylypdy.

Şeýle-de çägeleriň aşagynda dykyz toprakdan gurlan platformalaryň yzlarynyň bardygy-da belli boldy. Mundan öň bu ýerde guýular bilen keramiki suw geçirijiler hem tapylypdy.

Şensi welaýatynyň Medeni mirasy goramak müdirliginiň hünärmenleriniň pikiriçe, tapylan zatlardan çen tutanyňda-da, Huan­tulýanyň adaty ilatly ýer ýa-da harby berkitme bolmandygyny bilip bolýar.

B. e. öňki 212-nji ýylda Sin Şihuandi demirgazyk serhetlerini imperiýanyň merkezi bilen birleşdirmeli bolan Sinçžidao (Göni ýol) atly ýoluň gurluşygyna başlapdyr. Gurluşyk işlerine general Men Tian ýolbaşçylyk edipdir. Emma bu ýoluň Mау-Us çölüniň çägeli ýerlerinden geçen takyk ugry häzire çenli alymlaryň arasynda jedelli mesele bolup galypdy.

Huan­tulýanyň günorta-günbataryndan 7,5 kilometr uzaklykda arheologlar bölek-bölek halda saklanyp galan, uzynlygy 800 metr çemesi zynç bolan topragyň yzlaryny hem tapdylar. Bu babatdaky çaklama entek doly tassyklanmadyk bolsa-da, tapylan yzlaryň Sinçžidao ýolunyň bir bölegi bolaýmagy juda ähtimal.

Alymlar köşgüň Sin Şihuandiniň hökümdarlygynyň soňky ýyllarynda ýa-da Sin nesilşalygynyň b. e. öňki 206-njy ýylda ýykylmagynyň öňüsyrasynda gurlan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Häzirki wagta çenli imperatoryň hut şu ýere gelip-gelmändigi barada hiç hili maglumat ýok. Bu toplumyň ep-esli bölegi bolsa henizem çägeleriň aşagynda gizlenip ýatyr we geljekki arheologik barlaglara garaşýar.