2024-nji ýyldan Ýewropa Bileleşiginde USB Type-C-siz smartfonlary satmak bes ederler

12.12.2022, 11:1513,376

Ýewropa Bileleşiginde zarýad gurluşlaryny bir nusga getirmek hakynda täze kanun kabul edildi

2024-nji ýylyň 28-nji dekabryndan başlap, ähli telefonlar üçin USB Type-C hökmany bolar diýip, Verge ýazýar. Täze talaplar smartfonlardan  başga-da,  planşetlere, sanly kameralara, gulaklyklara we oýun pristawkalaryna hem degişli bolar. 
Bu çäre noutbuklara diňe 2026-njy ýylyň aprel aýyndan başlap degişi bolar. 
Apple ÝB-niň bazaryna goýberiljek täze iPhone-laryň önümçiliginde talaplary berjaý etjekdigini tassyklady diýip, portal habar berýär. Kompaniýa 2025-nji ýylda flagman iPhone çykýança tehniki taýdan täze standarta geçmeli däl, ýöne, bar bolan maglumatlara görä, ondan öň - eýýäm 2023-nji ýylda geçilmegi hem  mümkin. 
Şonuň ýaly-da, Ýewroparlamentiň täze kararyna görä, eger gurluş 15 Wt-dan ýokary kuwwatlyk bilen zarýad alýan bolsa, ol USB Power Delivery zarýadkasynyň bitewi  protokolyny götermeli. Munuň özi dürli brendleriň çykaran gajetlerine bir gurluş bilen zarýad berip bolar diýmegi aňladýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.