ÝB 15 ýurduň howa menzilinde dörän bökdençlik zerarly IBM-i kazyýete berdi

Şu gün, 11:312,617

Ýewropa Bileleşigi serhet gözegçiligi üçin niýetlenen Entry/Exit System (EES) ulgamynyň işlenip düzülmeginiň gijikdirilendigi sebäpli, ABŞ-nyň IBM, Fransiýanyň Atos we Italiýanyň Leonardo kompaniýalaryny kazyýete berdi. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär.

Kazyýete ýüz tutmak baradaky arza 2025-nji ýylyň dekabrynda berlipdir, emma bu diňe häzir aýan boldy. Ýewropa Komissiýasynyň düşündirmegine görä, talaplar ulgamyň soňraky ulanylyşyna degişli däl-de, onuň işlenip düzülýän döwründäki gijikdirmeler zerarlydyr.

EES ulgamy Ýewropa Bileleşigine we Şengen zolagyna girmeýän ýurtlardan gelýän syýahatçylary hasaba almak üçin döredildi. Serhetden geçilende olaryň suraty we barmak yzlary alynýar. Ulgamyň maksady, ýurtda rugsat berlen möhletden artyk bolýan ýa-da gözlenilýän adamlary ýüze çykarmaga ýardam bermekdir.

Ilkibaşda EES ulgamyny 2022-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilipdi. Muňa garamazdan, ol şu ýylyň 10-njy aprelinde işe başlady. Ýewropa Bileleşiginiň bu ulgam üçin jogapkär edarasynyň — eu-LISA-nyň 2022-nji ýyldaky maglumatlaryndan çen tutsaň, taslamany durmuşa geçirmek üçin çekilen kompaniýalar bilen işleşmekde birnäçe kynçylyk ýüze çykypdyr. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şertnamanyň bahasy 142 million ýewrodan 212 million ýewro çenli ýokarlanypdyr.

IBM, Atos we Leonardo kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti 2025-nji ýylda tamamlandy. Ýöne şeýle-de bolsa, kompaniýalar 2026-njy ýylyň awgust aýyna çenli EES ulgamyna tehniki hyzmat işlerini dowam etdiripdirler.

Ulgamyň işe girizilmegi programma üpjünçiligi we tehniki enjamlar bilen bagly köp sanly näsazlyga sebäp boldy. Financial Times neşirinde aýdylyşy ýaly, 15 ýurduň howa menzilinde ýolagçylaryň serhet gözegçiliginden geçmeginde uly gijikmeler ýüze çykdy. Käbir ýolagçylar birnäçe sagatlap nobata garaşmaly boldy. Munuň netijesinde olaryň käbiri uçuşa ýetişmän, täze petek satyn almaga mejbur boldular.