«Maýmynlaryň planetasy» filminiň täze bölüminiň çykjak senesi aýdyldy

19.02.2023, 12:1712,902

Filmi goýujy Wes Boll «Maýmynlaryň planetasy: Patyşalyk» filminiň  surata düşürilişiniň tamamlanandygyny habar berdi. Filmi  2024-nji ýylyň maý aýynda çykarmak meýilleşdirilýär.

Sýužetdäki hereketler «Maýmynlaryň planetasy: Uruş» (2017) wakalaryndan soň bolup geçýär. Maýmyn taýpalarynyň ýolbaşçylaryndan biri adam tehnologiýasyny tapmak üçin beýlekileri gul edýär. Maýmynlaryň biri erkinlik gözläp gaçmagy başarýar.
Filmde Ouen Tig ("Ono"), Freýa Allan ("Albassy") we William H. Meýsi ("Utançsyzlar") dagy surata düşdi. Film 20th Century Studios  tarapyndan prokata çykarylar.
«Maýmynlaryň planetasy» franşizasynyň Endi Serkis bilen täzeden açylmagy 2011-nji ýylda bolup geçipdi. Filmleriň esasynda Pýer Bulyň 1963-nji ýylda çykan adybir romany ýatýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.