Öňümizdäki baýramçylyk günleri Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Şu gün, 21:411,794

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirip, dekabr aýynda belleniljek baýramçylyklara görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere seretdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Maslahatda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri, şol sanda şanly seneleriň hormatyna bagtyýar maşgalalary täze jaýlara göçürmek boýunça çäreler barada maglumat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, bu meselede degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy.

Aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygynda medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny guramak tabşyryldy.