«Joker» sikwelini surata düşürmek işleri tamamlandy

07.04.2023, 23:0818,873

2024-nji ýylda çykjak “Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň režissýory Todd Phillips sosial ulgamlarda lentanyň surata düşürilişiniň tamamlanandygyny habar berdi. Drama dört aýlap - 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri surata düşürilip gelindi.

Filmi goýujy Instagramda filmiň ähli surata alyjylar toparyna minnetdarlyk bildirdi we filmiň baş gahrymanlarynyň  iki sany: Hoakin Feniksiň ýerine ýetirmeginde  Jokeriň we Ledi Gaganyň ýerine ýetirmeginde Harli Kwiniň täze suratlaryny çap etdi.

"Şunlukda hemme iş tamamlandy. Bu ikisine (+ ähli aktýorlara) we kino pudagynyň iň oňat toparyna sag bolsun aýdýaryn. Indi gowaga (kebşirleýiş studiýasyna) giräýmek we hemme zady bir ýere jemläýmek galýar "- diýip, Fillips ýazdy.

“Joker: Iki adamlyk telbelik” ilkinji film çykandan bäş ýyl soň, 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda kinoteatrlara çykar. Dramanyň täze bölüminiň wakalary Artur Flekiň bütin çagalyk ýyllaryny geçiren Arkhem şäheriniň ruhy keseller hassahanasynda bolup geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.