Windows-a Android smartfonlary üçin oýunlar goşuldy

26.10.2023, 09:022,743

Google personal kompýuterlere «Android» oýunlaryny goşandygyny mälim etdi. Bu barada SamMobile neşiri habar berdi.

Korporasiýa mobil oýunlarynyň Play Games dükany arkaly elýeterli bolandygyny aýtdy. Dükana girmek üçin ulanyjy Windows 11-iň häzirki wersiýasyny gurmalydyr. Ozal taslama beta-synag tapgyrynda bolupdy.
Şeýle hem, Google smartfonlardan kompýuterlere 3000 töweregi oýnuň getirilendigini aýtdy. Katalogda Asphalt 9: Legends, BADLAND, Clash Of Clans и Clash Royale ýaly meşhur taýtllar bar. Ähli oýunlar kategoriýalara bölünýär.
Kompýuterlerde peýda bolan oýunlar konsollar üçin dolandyryjylaryň birikmesini goldaýar - PS5 DualSense, Xbox One, Xbox Series S we Xbox Series X üçin geýmpadlar. Käbir taýtllar 4K durulykda işledilip bilner. "Bu täze aýratynlyklar arkaly Google has köp platformada Android oýunlarynyň elýeterliligini giňeltmäge çynlakaý çemeleşýär" – diýip,  SamMobile-iň awtorlary bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.