Änew TURKSOY-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň direktorlar geňeşiniň X mejlisini kabul eder

02.11.2023, 09:082,624

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TURKSOY) agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň direktorlar geňeşiniň X mejlisi Türkmenistanyň Änew şäherinde geçiriler. Degişli karar Geňeşiň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen IX mejlisinde kabul edildi diýip, Report habar berýär.

Duşuşyk 2024-nji ýylda geçiriler. Änew TURKSOY-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň biragyzdan kabul eden karary bilen 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilipdi. Bu karar Medeniýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hemişelik geňeşiniň 2022-nji ýylda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde kabul edildi.
TURKSOY-yň döwlet teatrlarynyň direktorlar geňeşiniň Şuşada geçirilen IX mejlisinde taraplar guramanyň agza ýurtlarynda teatr sungatynyň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.