UEFA Ýewro-2024-e gatnaşýan ýygyndylara oýunçylaryň sanyny artdyrmaga rugsat berdi

06.05.2024, 11:436,609

UEFA 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndylara ýaryşyň oýunçylar sanawyna 26-a çenli futbolçy goşmaga rugsat berdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Şeýle çözgüt UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan kabul edildi. Öň, oýunçylar sanawy 23 oýunçy bilen çäklenýärdi.
Şol bir wagtyň özünde, ýygyndylar sanawy doly doldurmaga borçly däldirler, azyndan – 23 adam. Sanawy tabşyrmagyň ahyrky möhleti – 7-nji iýun.
Ýatlap geçsek, Ýewro-2020-de hem oýunçylar sanawy 26 adama çenli giňeldildi, ýöne bu koronawirus pandemiýasy sebäpli futbol senenamasyndaky üýtgeşmeler bilen baglanyşykly bolupdy.
Ýewro-2024-üň final bölegi 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Berlin, Kýoln, Frankfurt-na-Maýn, Gelzenkirhen, Gamburg, Leýpsig, Mýunhen, Ştutgart we Dortmund şäherlerinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.