Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Buhara welaýatynyň Alat etrabynda täze köpriniň we ýol infrastrukturasynyň gurluşygy üçin öz ätiýaçlyk gaznasyndan 25 milliard sum bölüp bermegi tabşyrdy. Bu tabşyryk 4-nji noýabrda sebit ösüşine bagyşlanan maslahatda berildi diýip, Özbegistanyň Lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp, Gazeta.uz ýazýar.
Alat etrabynyň häkimi Nargiza Nematowa «Ýamonjar» kanaly arkaly geçýän häzirki köpriniň 1978-nji ýylda gurlandygyny we ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň artmagy sebäpli düşýän agrama indi güýjüniň ýetmeýändigini belledi. Täze desganyň deslapky bahasy emeli aňyň kömegi bilen hasaplandy.
Özbegistanyň Ulag ministrligi köprini her ugurda azyndan iki zolakly edip gurmagy teklip edýär. Bu taslamanyň «Alat» (Olot) serhet geçelgesiniň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, nobatlary azaltmaga hem-de sürüjiler we pyýadalar üçin şertleri gowulandyrmaga mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Ministrligiň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda serhet geçelgesinden 243 müňden gowrak ulag serişdesi geçdi — bu, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,3 esse köpdür. Häzirki wagtda geçelge iki ugur boýunça bir gije-gündizde 1200-e çenli awtomobili geçirýär.
Şeýle-de Özbegistan bilen Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy döwründe girizilen ýük tirkeglerini çalşyrmak düzgünini ýatyrmagy maslahatlaşýar. Häzirki wagtda tirkegler serhetden geçende bir ýurduň tirkeg çekijisinden aýrylyp, beýleki ýurduň gatnadyjylaryna dakylýar. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň baha bermegine görä, bu düzgünden ýüz öwürmek goşmaça resmileşdirmeleri azaltmaga we halkara ýük gatnawlaryny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde, serhetýaka infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri entek öwrenmek we ykdysady-tehniki esaslary taýýarlamak gerek.