Ues Andersonyň "Finikiýa shemasy" kino ýyldyzlaryny bir ýere jemledi

11.06.2024, 07:254,415

Meşhur amerikaly režissýor Ues Anderson özüniň “Finikiýa shemasy” (“Финикийская схема”) atly täze filmini çykarmaga taýynlanýar. Crew United neşirinde filmiň aktýorlarynyň düzümi barada täze maglumatlar bar.

Benisio Del Toro, Maýkl Sera, Bill Mýurreý, Mia Triplton we Riz Ahmed ýaly eýýäm tassyklanan aktýorlara Skarlett Ýohansson, Tom Henks, Uillem Defo, Benedikt Kamberbetç, Braýan Krenston we Şarlot Gensbur ýaly aktýorlar goşulýar.
"Finikiýa shemasynyň" sýužeti içalylygyň gapdalyndan kaka bilen gyzyň arasyndaky gatnaşyklary öz içine alar. Film Germaniýada düşürildi, filmiň premýerasy 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.