Hytaý orbitada ilkinji çişirilýän kosmos modulyny synagdan geçirdi

28.11.2024, 11:123,338

Hytaýyň kosmos tehnologiýalary akademiýasy (CAST) orbital şertlerde çişirip bolýan kosmos kapsulasynyň ilkinji synaglaryny üstünlikli geçirdi diýip, SpaceNews habar berýär.

Gaýtadan ulanylýan Şiszýan-19 hemrasynda ýerleşdirilen kapsula çeýe gabykly germetik gurluşyň täze görnüşidir. Ilki uçuşa goýberilende kapsula ýygnalgy we eplenen görnüşde bolýar, ýöne orbita girenden soň awtomatiki usulda çişirilýär we doly şekile gelýär.
Bu synag kosmosda ulanyp boljak iri germetik kapsulalary döretmek üçin täze tehnologiýalary ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.