Musiala Germaniýanyň milli ýygyndysynda ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

14.12.2024, 18:045,453

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Bawariýanyň” 21 ýaşly hüjümçi ýarymgoragçysy Jamal Musiala janköýerleriň aglaba köplüginiň sesini alyp, 2024-nji ýylda bundestimiň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Germaniýanyň futbol birleşiginiň resmi saýty habar berýär.

Bu ses berişlikde Musiala 56% ses aldy. Ikinji orunda ýarymgoragçy Florian Wirs ýerleşdi – 38%. Öňdebaryjylaryň üçlügini 6% ses alan hüjümçi Kaý Hawers jemledi.
Musiala 2024-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysy üçin 13 oýna gatnaşyp, bäş gol we bäş assist bilen tapawutlandy. Şeýle-de, ol Ýewro-2024-üň simwolik ýygyndysyna goşuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.