Sahara çölüniň jümmüşindäki gadymy lawa meýdanynyň kosmosdan alnan suraty görkezildi

25.01.2025, 19:1912,667
1 / 2

Amerikan alymlary emeli hemralaryň soňky üç ýylyň dowamynda düşüren suratlaryndan düzülen şekili paýlaşdylar. Ol Sahara çölüniň çägelerinde daşlaşyp galan gara lawanyň uly meýdanyny görkezýär diýip, Live Science neşiri habar berýär.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, «Haruj» wulkan meýdany diýlip atlandyrylýan bu gara massa takmynan 44 müň inedördül kilometre golaý meýdany tutýar. Ol Liwiýanyň merkezi böleginde ýerleşýär we takmynan 150 sany öçen wulkany öz içine alýar.
Barlagçylaryň bellemegine görä, bu wulkan gaýalarynyň käbirleriniň ýaşy 6 million ýyla çenli ýetýär. Käbirleri bolsa bary-ýogy birnäçe müň ýyl mundan ozal ýüze çykan wulkan atylmalary netijesinde emele gelipdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.