Billboard Hellouin üçin 25 meşhur aýdymy saýlady

24.10.2025, 16:431,787

Billboard žurnaly Hellouin üçin 25 meşhur aýdymdan ybarat reýtingi hödürledi. Ol Billboard Hot 100 çartynda aýdymlaryň ýeten üstünlikleriniň esasynda düzüldi, şonuň üçin sanaw aýdym-saz muşdaklaryny geň galdyryp biler. Mysal üçin, Maýkl Jeksonyň meşhur Thriller aýdymy diňe 22-nji orunda ýerleşdi.

Reýtingde birinji orny Bobbi Pikett bilen The Crypt-Kickers-iň 1962-nji ýylda çykan Monster Mash aýdymy eýeledi. Däli alym we onuň tans etmek üçin barlaghanadan çykýan nägehany baradaky aýdym her Hellouinde çarta gaýdyp gelýär.
Ikinji we bäşinji orny Arwah awçylary we Ghostbusters II filmleriniň saundtrekleri eýeledi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige The Edgar Winter Group-yň Frankenstein we Eminem bilen Riannanyň The Monster aýdymlary girdi.
Hellouin üçin meşhur aýdymlaryň doly sanawy şeýle görnüşde:

  1. Bobby Boris Pickett and the Crypt-Kickers — Monster Mash
  2. Ray Parker Jr. — Ghostbusters
  3. The Edgar Winter Group — Frankenstein
  4. Eminem feat. Rihanna — The Monster
  5. Bobby Brown — On Our Own (from Ghostbusters II)
  6. Rockwell — Somebody’s Watching Me
  7. Cher — Dark Lady
  8. Janet Jackson — Black Cat
  9. Mitch Ryder and the Detroit Wheels — Devil with a Blue Dress on / Good Golly Miss Molly
  10. INXS — Devil Inside
  11. Imagine Dragons — Demons
  12. Classics IV — Spooky
  13. Cliff Richard — Devil Woman
  14. Creedence Clearwater Revival — Bad Moon Rising
  15. Santana — Black Magic Woman
  16. Kodak Black — Super Gremlin
  17. The Charlie Daniels Band — The Devil Went Down to Georgia
  18. Justin Bieber — Ghost
  19. Bobby Vee — Devil or Angel
  20. Olivia Rodrigo — Vampire
  21. Elvis Presley with The Jordanaires — (You’re the) Devil in Disguise
  22. Michael Jackson — Thriller
  23. Golden Earring — Twilight Zone
  24. Blue Öyster Cult — (Don’t Fear) The Reaper
  25. Eagles — Witchy Woman
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.