Türkiýäniň Din işleri müdirliginiň (Diyanet) başlygy Safi Arpaguş «Arkadagyň ruhy metjidi» metjidiniň baş ymamy hem-de onuň ýanyndaky medresäniň rektory Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Diyanet müdirliginiň sosial torlardaky resmi sahypasynda habar berildi.
Taraplar dini bilim we dini hünärmenleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.
Duşuşyga Diyanet-iň Daşary gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň baş direktory Ensari Ýentürk hem gatnaşdy.

Taraplar Türkiýäniň we Türkmenistanyň taryhy, medeni hem-de dini kökleriniň baglanyşyklydygyna üns çekdiler.
Gepleşiklere gatnaşyjylar bilelikdäki bilim taslamalaryny amala aşyrmak, türkmen talyplaryny Diyanet talyp hakly maksatnamasy boýunça okatmak we talyp alşygyny guramak mümkinçiliklerine seretdi. Mundan başga-da, dini edebiýat bilen üpjün etmek we iki ýurduň degişli edaralarynyň özara saparlaryny guramak meseleleri maslahatlaşyldy.