Windows 11-de Notepad jedwel goldawyny aldy we köpugurly boldy

30.11.2025, 19:321,293
1 / 2

Windows 11-de Notepad («Bloknot») programmasy jedweller goldawyny we olary soňrakky redaktirlemek mümkinçiligini aldy.

Programma öz mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi, şol sanda kämilleşdirilen emeli aň gurallary hem goşuldy. Onuň mümkinçiliklerini Word bilen deňeşdirip bolmasa-da, ol ortaça ulanyjy üçin has köpugurly bolýar. Şunda, ol mugt we Windows 11-de awtomatiki usulda elýeterli bolmagynda galýar. Has ösen redaktorlaryň köpüsi tölegli bolup, olar aýratyn göçürip alynmaly we gurnalmaly.
Häzirki wagtda täzelenme Windows Insiders programmasynyň gatnaşyjylary üçin Dev we Canary gurluşlarynda elýeterlidir.