Germaniýanyň kazyýetlerine emeli aňyň kömegi bilen taýýarlanan arzalaryň gelmegi barha köpelýär. BILD neşiriniň habar bermegine görä, raýatlaryň ChatGPT arkaly taýýarlan resminamalarynda hakykatda bolmadyk kazyýet kararlaryna salgylanmalar we kanunlarda göz öňünde tutulmadyk düzgünler hem duş gelýär.
Kazylar bu resminamalary öwrenmek üçin birentek wagt sarp etmeli bolýarlar. Olaryň käbirinde dagy, seredilýän işe asla dahyly bolmadyk maglumatlar hem bar. Şolaryň arasynda bir kaza gelip gowşan 4500 sahypadan ybarat şikaýaty mysal getirmek bolar.
Bu mesele, esasan, raýatlaryň aklawçynyň kömegine ýüz tutman, özbaşdak arza berip bilýän durmuş meselelerine degişli kazyýetlerde has ýiti duýulýar.
Şeýle arzalaryň köpelmegi kazyýetleriň iş görkezijilerine hem täsir edýär. Germaniýanyň Baden-Württemberg sebitinde bir ýylyň dowamynda gyssagly seredilmeli işleriň sany 60%, durmuş kömek pullary bilen bagly jedelleriň sany bolsa 80% artypdyr. Bawariýada bolsa 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda kömek pullary bilen bagly kazyýet işleriniň sany 60% köpelipdir.
Kazylar özlerine gelip gowşan resminamalaryň hemmesine seretmäge borçludyrlar. Olar, hatda resminamalarda jedeliň mazmunyna degişli bolmadyk uzyn-uzyn maglumatlary-da hökman gözden geçirmeli bolýarlar. Emeli aňyň kömegi bilen gysga wagtyň içinde örän köp möçberde mazmun taýýarlamak mümkinçiligi bolsa kazyýet ulgamynyň iş ýüküni has-da artdyrýar.
Bu meseläniň çözgüdini tapmak üçin Germaniýanyň Adalat ministrligi kazyýet işlerini alyp barmagyň düzgünlerini özgertmegi göz öňünde tutýar. Ara alnyp maslahatlaşylýan teklipleriň arasynda kazyýete tabşyrylýan resminamalaryň göwrümine we görnüşine çäklendirmeleri girizmek, şeýle hem aşa uzyn arzalary seljermek we gysgaltmak maksady bilen kazyýetleriň özleriniň-de emeli aňdan peýdalanmak mümkinçiligini girizmek ýaly şertler bar.