Tramp döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny işe girizdi: ol ýerde raýatlara «super aň» jogap berer

Düýn, 07:443,712

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp federal döwlet hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edýän bir umumy America.gov sanly portalyny işe girizdi. Täze portal amerikan raýatlaryna birtopar döwlet saýtlaryny dörüp ýörmezden, ýeke-täk saýt arkaly maglumat almaga we federal edaralar bilen özara habarlaşmaga ýardam etmeli.

America.gov adaty dilde gürleşip bolýan emeli aň kömekçisini ulanýar. Häzirki wagtda ulanyjylar oňa sowal berip we möhüm maglumatlary alyp bilýär. Geljekde platformada pasportyň möhletini uzaltmak we «Medicare» lukmançylyk ätiýaçlandyryşyny resmileşdirmek ýaly amallary elýeterli etmek meýilleşdirilýär.

Federal edaralar portal bilen degişli sanly hyzmatlary utgaşdyrmaly edildi. Şol bir wagtyň özünde hyzmatlary almagyň bar bolan beýleki ýollary — şahsy tertipde, telefon arkaly, poçta bilen ýa-da aýratyn edaralaryň saýtlary arkaly almak mümkinçiligi saklanyp galar.

«Grok, Gemini ýa-da ChatGPT ulanyp gören her bir adam America.gov saýtyny hem nädip ulanmalydygyna derrew düşüner. Hiç hili kyn zat ýok» – diýip, Tramp saýtyň tanyşdyryşynda aýtdy.

Şol gün Tramp ýerine ýetiriji häkimiýete kanunçylygyň rugsat berýän çäklerinde resmi hat-habarlarda, köpçülikleýin beýanatlarda, saýtlarda, hasabatlarda we beýleki resminamalarda «emeli aň» (AI) adalgasyny «super aň» (Super Intelligence, SI) diýen adalga bilen çalşyrmagy buýurýan permana gol çekdi.

Şeýle hem perman «super aň» adalgasynyň täze federal kesgitlemesini taýýarlamagy tabşyrýar.

Ak tamda adalganyň üýtgedilmegi döwrebap tehnologiýalaryň, administrasiýanyň pikiriçe, emeli aňyň ilkinji düşündirişinden eýýäm has öňe geçip, adam üçin täze mümkinçilikleri açýandygy bilen baglanyşdyryldy.

Mundan başga-da, Google, Anthropic, Meta, OpenAI, xAI we Nvidia kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Tramp bilen bilelikde emeli aňyň howpsuzlygyna gözegçilik etmek baradaky şertnama gol çekdi. Kompaniýalar gözegçilik ulgamlaryna seretmek üçin modelleriň içki gözegçiligini, garaşsyz auditi we direktorlar geňeşiniň ýanyndaky komitetleri ýola goýmak barada ylalaşdy.

Ýatladyp geçsek, öňräk Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts emeli aňyň gözegçiliksiz ösüşiniň milliardlarça adamyň heläk bolmagyna getirip biljekdigini aýdyp, köpçüligi howsala salypdy.

Iň uly emeli aň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykdan soň, Tramp jenap Geýtsiň indi beýle pikir etmeýändigini aýtdy.

«Häzir ol eýýäm beýle zatlary aýtmaýar. Maňa onuň ýekşenbe güni näme diýendiginiň tapawudy ýok, sebäbi düýn munuň ýaly hiç zat diýmändigini aýdyp bilerin. Dogrusy, ol muňa garşylykly pikiri öňe sürdi» – diýip, amerikan Prezidenti «Fox News» ýaýlymynda belledi.