Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts NBC News teleýaýlymyna beren gürrüňdeşliginde emeli aňyň ösmeginiň adamzat üçin global töwekgelçilikleri döredýändigini aýtdy.
Onuň pikiriçe, tehnologiýa kompaniýalary öz işlerine diňe öz-özüňi düzgünleşdirmek arkaly gözegçilik etmäge ukyply däl, şonuň üçin bu işe häkimýetler hem goşulmalydyr.
«Emeli aň, elbetde, bilşiňiz ýaly, milliardlarça adamyň ölümine sebäp bolup biljek wakalary dolandyrmaga ýeterlik derejede güýçlüdir. Mälim bolşy ýaly, 100 göterim kepilligi gazanmak diýseň kyn bolsa-da, iň täze emeli aň gurallaryny ulanýan ýaramaz niýetli adamlaryň birleşigi ýaly güýçli ýarag hiç wagt bolmandy» diýip, Geýts aýtdy.
Ol ABŞ-nyň hökümet ýolbaşçylaryny bu ugurda ýörite kanunçylygy kabul etmäge, hukuk goraýjy edaralary degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna çekmäge we emeli aň ulgamlaryna hökmany gözegçiligi girizmäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, bu pudak üçin uly bolmadyk goşmaça çykdajylary talap eder, emma işläp düzüjileriň işini bökdemez.
Tehnologiýanyň döredip biljek howplaryny pudagyň beýleki ýolbaşçylary hem belleýär. Anthropic-iň ýolbaşçysy Dario Amodei ozal, adam tarapyndan görkezme berilmezden özbaşdak hereket edip bilýän awtonom agentler bilen bagly töwekgelçilikler sebäpli, emeli aňyň ösdürilişini haýallatmaga çagyrypdy. Ol häzirki ösüş depgini saklansa, ulgamlar eýýäm 6–12 aýdan botnetlerden peýdalanyp, ýüzlerçe milliard dollarlyk zyýan ýetirip biljekdigini duýdurdy.
OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aňyň howpsuzlygyny barlamak üçin garaşsyz hünärmenleri işi çekmegi teklip etdi. Ilon Mask bolsa tehnologiýanyň bolup biljek howpuny ýene-de bir gezek ýadro ýaraglary bilen deňeşdirdi.
Şol bir wagtyň özünde, Anthropic-iň öňki barlagçysy Jeýkob Kokson öz-özi öwrenýän ulgamlaryň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli gözegçilikden çykyp biljekdigini duýdurdy. Palantir kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Piter Til bolsa negatiw ssenariniň amala aşmak ähtimallygy bary-ýogy 5–10 göterim bolsa-da, munuň aladalanmak üçin ýeterlikdigini aýtdy. Şonuň bilen birlikde ol şeýle ýagdaýyň ýüze çykmak ähtimallygynyň gümanadygyny belledi.