Coldplay, U2 we Ed Şiran köp konsert beren meşhur artistleriň sanawynda öňdebaryjylar boldy

14.12.2025, 23:061,521

Pollstar neşiri 2001-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygyny göz öňünde tutup, işjeň konsert beren meşhur 25 artistiň reýtingini düzdi. Maglumatlar petek satuwyna esaslandy. Görkezilen 25 ýylda 25 artist 340 milliondan gowrak petek satdy we 35,7 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

Sanawda birinji orny Coldplay topary eýeledi. 2001-nji ýyldan bäri ol 731 konsert berdi we 24,8 milliondan gowrak petek satdy. Olaryň 2022-nji ýylda başlan soňky «Music of the Spheres» konsert syýahaty 2027-nji ýylda tamamlanmaly we eýýäm taryhda iň köp gatnaşylýan syýahat boldy.
Ikinji orunda 20,2 million satylan petek bilen U2 topary, üçünji orunda 19,6 million petek bilen Ed Şiran ýerleşdi. Dördünji orny 19,55 million petek bilen Dave Matthews Band, bäşinji orny bolsa 18,9 million petek bilen Teýlor Swift eýeleýär.
2001-2025-nji ýyllaryň işjeň konsert beren meşhur artistleriniň doly sanawy:

  1. Coldplay — 24,8 mln petek
  2. U2 — 20,2 mln
  3. Ed Şiran — 19,6 mln
  4. Dave Matthews Band — 19,55 mln
  5. Teýlor Swift — 18,9 mln
  6. Brýus Springstin we The E Street Band — 18,6 mln
  7. Kenni Çesni — 18,2 mln
  8. Metallica — 15,6 mln
  9. Bon Jovi — 13,9 mln
  10. Elton Jon — 13,8 mln
  11. Pink — 13 mln
  12. The Rolling Stones — 12,6 mln
  13. Beýonse — 11,8 mln
  14. Andre Rýe — 11,6 mln
  15. Madonna — 11 mln
  16. Guns N’ Roses — 10,7 mln
  17. Eagles — 10,2 mln
  18. Phish — 10,2 mln
  19. Iron Maiden — 10,1 mln
  20. Lýuk Braýan — 10 mln
  21. Rojer Uoters — 9,8 mln
  22. Pol Makkartni — 9,4 mln
  23. Tobi Kit — 9,4 mln
  24. Billi Joel — 9 mln
  25. Depeche Mode — 8,7 mln
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.