BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

09.03.2026, 11:487,305

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi.

Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi. Munuň sebäbi, olaryň meýdançada başga orunlarda (ganat hüjümçisi ýa-da pleýmeýker) oýnamagydyr. Reýting diňe «merkezi hüjümçi» (dokuzlyk) wezipesini ýerine ýetiren oýunçylary öz içine aldy.

XXI asyryň iň gowy 10 sany merkezi hüjümçisiniň sanawy:

  1. Ronaldo (Braziliýa);
  2. Harri Keýn (Angliýa);
  3. Erling Holand (Norwegiýa);
  4. Týerri Anri (Fransiýa);
  5. Robert Lewandowski (Polşa);
  6. Didýe Drogba (Kot-d’Iwuar);
  7. Karim Benzema (Fransiýa);
  8. Zlatan Ibrahimowiç (Şwesiýa);
  9. Luis Suares (Urugwaý);
  10. Miroslaw Kloze (Germaniýa).

Bu sanaw oýunçylaryň XXI asyrda klublarda hem milli ýygyndylarda gazanan üstünliklerine esaslanyp taýýarlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.