Taýland güýçli mussonlar sebäpli tupan boljakdygy barada duýduryş berdi

Şu gün, 04:531

Taýlandyň hökümeti ýerli ilata we daşary ýurtly syýahatçylara adatdan daşary ýagdaý barada duýduryş berdi. Ýurda eýýäm gelenlerden ýa-da öňümizdäki hepdede bu ýere syýahata gelmegi meýilleşdirýänlerden Bangkokyň resmi adamlarynyň möhüm maglumatyna üns bermek haýyş edilýär.

Ýerli meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň çäginden birbada iki güýçli musson geçýär. Bu bolsa Taýlandda güýçli ýagyşlaryň ýagmagyna we güýçli tupanyň bolmagyna sebäp bolar, bu ýagdaýyň 3-nji iýula çenli dowam etmegine garaşylýar. Andaman deňzinde turjak tupanyň üç metre çenli beýiklige ýetip biljek tolkunlary aýratyn howp döredýär.

Taýlandyň hökümeti raýatlary we syýahatçylary bu döwürde örän seresaply bolmaga çagyrýar. Heläkçilikleriň öňüni almak üçin olar kiçi gämilere Andaman deňzine çykmakdan gaça durmagy we howa maglumatlaryna yzygiderli gözegçilik etmegi maslahat berýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.