Hytaýda kazyýet süýtli çaý satýan Molly Tea dükanlar ulgamyny haryt nyşanlaryna bolan hukuklary bozandygy üçin Fransiýanyň Louis Vuitton moda öýüne 10,3 million ýuan (takmynan, 1,5 million dollar) tölemäge borçlandyrdy. Bu barada «Nanfang Metropolis Daily» gazetine salgylanyp, «China Daily» neşiri habar berýär.
Kazyýetiň çykaran çözgüdine görä, Molly Tea-niň logotipi Louis Vuitton brendiniň dört ýaprakly gülüň şekili bilen hasaba alnan ýedi sany haryt nyşanyna bolan hukuklaryny bozýar. Fransiýanyň kompaniýasy bu şikaýat arzasyny 2025-nji ýylyň maýynda beripdi.
29-njy iýunda çykarylan çözgüt ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hökmünde 10 million ýuan (takmynan, 1,46 million dollar) we kazyýet çykdajylaryny ýapmak üçin ýene 300 müň ýuan (takmynan, 44 müň dollar) tölemegi göz öňünde tutýar. Molly Tea bu hökümiň üstünden şikaýat etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Molly Tea ulgamy Hytaýda iki müňden gowrak, daşary ýurtlarda bolsa 50-den gowrak dükany dolandyrýar. Kompaniýanyň nyşanynda, edil Louis Vuitton brendiniň şahsy monogrammasynda bolşy ýaly, özeni bolan dört ýaprakly gülüň şekili ulanylýar.
«China Daily» neşiriniň berýän maglumatyna görä, Molly Tea restoran hyzmatlary we azyk önümleri üçin gül şekilli haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmaga birnäçe gezek synanyşypdyr, ýöne arzalaryň köpüsi ret edilipdir.
Diňe hytaý dilinde «Molly Tea» diýlip ýazylan logotip resmi taýdan hasaba alnypdyr.