Printerden çykan ýaşaýyş toplumy: Tehasda robotlar 100 sany jaýy çap etdiler

Şu gün, 11:451,530
1 / 8

ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Ostin şäheriniň golaýynda ICON kompaniýasy Lennar gurluşyk firmasy bilen bilelikde «Wolf Ranch» taslamasyny tamamlady. Bu senagat 3D-çap usuly bilen gurlan 100 sany jaýdan ybarat dünýädäki ilkinji iri ýaşaýyş toplumydyr.

Ini 14 metrden geçýän «Vulcan» diýlip atlandyrylýan ägirt uly gurnama ýörite relsleriň üstüniň ugry bilen binanyň sanly modeline eýerip hereket edýär. Robot «Lavacrete» diýlip atlandyrylýan ýörite sement garyndysyny gatlakma-gatlak guýup, diwarlary doly taslama laýyklykda gurup çykýar.

Bu tehnologiýa diňe bir gurluşygy çaltlandyrmaga (adaty gurluşykda birnäçe hepdä çekýän diwar galdyrmak işi bu ýerde birnäçe günde bitýär) mümkinçilik bermän, eýsem goşmaça galypsyz egri çyzykly binagärlik şekillerini hem gurmaga şert döredýär.

Ýörite programma üpjünçiligi materialyň mukdaryny takyk hasaplaýar, bu bolsa gurluşyk galyndylaryny iň pes derejä düşürýär we gurluşyk tehnikalarynyň gatnawyny azaldýar. Jaýyň üçeklerini, penjirelerini we inženerçilik ulgamlaryny oturtmak ýaly iň soňky işleri bolsa adaty gurluşykçylar topary ýerine ýetirýär.

Bu taslamanyň esasy sebäpleriniň biri ABŞ-da ökde kerpiç örüjileriň ýetmezçiligidir. Emma awtomatlaşdyrmak adamlaryň işini doly ellerinden alman, onuň diňe ugruny üýtgetdi. Robot iň birsyhly we fiziki taýdan agyr tapgyry öz üstüne aldy. Indi işgärler gurluşyk meýdançasynda agyr zähmet çekmän, programmalary sazlamak, garyndynyň berilişine we çap edilişine gözegçilik etmek ýaly has ýokary derejeli işler bilen meşgullanýarlar.

3D-çap arkaly gurlan jaýlar Tehas sebitine mahsus bolan güýçli tupanlara we şemallara durnukly edip taslanyldy. Sepleri we birikdirilen ýerleri bolmadyk monolit sement diwar aşa erbet howa şertlerine-de örän çydamlydyr. Şeýle-de, gurluşyk materiallarynyň az daşalmagy we galyndynyň bolmazlygy tebigata ýetirilýän zyýany ep-esli kemeldýär.

Ozallar gurluşykda 3D-çap diňe synag hökmünde ýeke-täk jaýlarda ulanylýan bolsa, «Wolf Ranch» taslamasy bu tehnologiýanyň eýýäm uly göwrümli gurluşyklara taýýardygyny subut etdi. Robotlar indi tutuş bir ýaşaýyş toplumyny gurup bilýärler, bu bolsa geljekde dünýädäki ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi meselesini çözmekde uly ädimdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.