Hytaýda elektromobil telefondan hem çalt çalşylýar

Şu gün, 12:042,495

«Hytaýda elektromobilleriň ortaça ulanylyş möhleti bary-ýogy 1,8 ýyla deň boldy, bu bolsa mobil telefonlaryň ortaça ulanylyş möhletinden hem pesdir» diýip, Hytaýyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň we Hejun Consulting kompaniýasynyň bilelikde geçiren barlaglarynyň awtorlary habar berýärler.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, ýurtda adaty içinden ýanýan hereketlendirijili ulaglaryň ortaça ýaşy 8,2 ýyla ýetýär.

Hünärmenler elektromobilleriň şeýle çalt çalşylmagy ýokary tizlikli tehnologiýa ösüşi bilen baglanyşdyrýarlar. Mundan iki-üç ýyl öň çykarylan modeller eýýäm bir gezekki zarýad bilen geçýän ýoly, zarýad alyş tizligi, elektron ulgamlary we kompýuter hasaplama ukyplary boýunça täze modellerden yza galýarlar. Bu bolsa olaryň eýelerini täze ulag satyn almaga höweslendirýär.

Ýene bir goşmaça sebäp bolsa, ulaglaryň alyp-satuw bahasynyň örän çalt düşmegidir. Barlaglara görä, üç ýyl ulanylandan soň, elektromobil özüniň ilkinji bahasynyň diňe 43,35%-ini saklap bilýär.

Hytaý dünýäde elektromobilleriň iň uly bazary bolmagynda galýar. Halkara energetika agentliginiň maglumatlarynda hem dünýädäki ähli elektromobilleriň ýarysyndan köpüsiniň hut şu ýurtda ulanylýandygy aýdylýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) häkimiýetleri kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli iň ýokary derejä ýetirmegi, şondan soň bolsa olary kem-kemden azaltmagy maksat edinýärler. Döwlet meýilnamalaryna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli ýurduň ýollaryndaky awtoulaglaryň takmynan 40%-ini täze elektromobiller emele getirmelidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.